Şrift:
Türkiýäniň Bozok uniwersitetinde geçirilen ylmy maslahat Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlandy
11.10.2019 [11:42] - Köşə yazarları, Gənclik
Ýozgatda (Türkiýe) Magtymguly Pyragynyň şäheriň merkezi seýilgähindäki ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy, şeýle hem türkmen şygryýetiniň ägirdiniň edebi mirasyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guran çärelerine Ýozgat welaýatynyň gubernatory, Ýozgat şäheriniň häkimi, Bozok uniwersitetiniň rektory, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Bozok uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi, talyplar, şol sanda ýurdumyzdan bu okuw jaýynda bilim alýan talyplar, şäheriň ýaşaýjylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Bozok uniwersitetinde guralan forumda bolan çykyşlar dostlukly ýurduň ylmy bileleşiginiň dünýä medeniýetinde öçmez yz galdyran beýik türkmen şahyrynyň we filosofynyň döredijilik mirasyna gyzyklanmasyny beýan etdi. Çykyş edenler türkmen Lideriniň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ölçeglerde goşulyşma işleriniň möhüm ugry bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar.
Bu xəbər oxucular tərəfindən 78 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed