Şrift:
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.10.2019 [11:55] - Türkün şanlı tarixi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.
Prezident sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini has-da ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz durmuş-medeni, inžener-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyrmak boýunça işleri oýlanyşykly guramagyň möhümdigine ünsi çekip, häkimden paýtagtymyzyň etraplarynyň ýolbaşçylarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Gyş möwsüminiň ýakynlaşmagy bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini, jemagat hojalyklarynyň sazlaşykly hereket etmegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.
Welaýatda gurulýan, şol sanda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Hasyl toýy mynasybetli guraljak çäreler barada habar berildi.
Prezident hasabaty diňläp, pagta ýygymy möwsümini toplumlaýyn we öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, degişli agrotehniki çäreleriň geçirilmegini çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa gögeriş we ösüş suwuny tutmak boýunça täze agrotehnologiýalary işjeň peýdalanmagy maslahat berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, hususan-da, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ak ekinlere ideg etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşy, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalar, Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.
Welaýatda gurluşygy dowam edýän desgalar barada durup geçmek bilen, milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň, şäherçäniň gurluşygynyň hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky işleriň barşy bilen gyzyklanyp, bu ugurdaky işleri talabalaýyk alyp barmak babatda häkime degişli görkezmeleri berdi. Gyş möwsümi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny abatlamak we olaryň ulanyş ýagdaýyny üpjün etmek barada irgözinden alada etmelidigini belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän umumymilli baýramçylyklara, şol sanda Hasyl toýuna taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi. Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitdäki işleriň ýagdaýy, häzirki wagtda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hususan-da, bu möhüm oba hojalyk möwsümini öz wagtynda we guramaçylykly tamamlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem welaýatyň täze gurluşyklaryndaky işleriň ýagdaýy, Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen birlikde, oba hojalyk zähmetkeşleriniň öňünde goýlan wezipeleri çözmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny doly hem-de netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, häkime degişli tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde işleriň ýagdaýy, ýerlerde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň depginleri barada hasabat berdi. Hususan-da, pagta ýygymy möwsümini agrotehniki kadalaryň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Häkim hasabatynyň çäklerinde Hasyl toýy mynasybetli geçirilýän işler, şeýle hem dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, sebitiň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň depginini çaltlandyrmak barada aýdyp, sürümli ýerleri netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary derejede öz wagtynda geçirmek barada häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Tehnikalary doly ulanmak barada bildirilýän talaba aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnalan pagtanyň kabul ediş bölümlerine öz wagtynda we ýitgisiz daşalmagyny, howanyň häzirki amatly şertlerinden peýdalanyp, onuň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny üstünlikli tamamlamak, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk ideg etmek, sebitiň oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, şeýle hem desgalarda gurluşyk işleri, olaryň hiline we möhletine gözegçiligi üpjün etmek, şanly seneler, şol sanda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada-da habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň we mehanizatorlaryň ýokary öndürijilikli zähmetini guramak, ýygnalan «ak altyn» üçin hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň barşy, hususan-da, ýetişdirilen gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň depginini çaltlandyrmak hem-de ak ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşanlara mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmegiň bähbidine giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


DAVAM. AZ
(Türkmənistan, Aşqabad)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 160 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed