Şrift:
Baýramçylygyň öň ýanynda Watanymyzyň sebitlerinde täze binalar ulanylmaga berildi
12.12.2019 [12:01] - Türk dünyası-Turan
Ýola goýlan asylly däbe görä, Garaşsyz Türkmenistan üçin şanly baýramçylyk bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şolara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.
Dürli maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi döwletimiziň welaýat, etrap dolandyryş merkezlerinde, şäherlerde we obalarda adamlaryň abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýan döwrebap durmuş-ykdysady düzümi döretmäge uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk gurluşyklar dowam edip, şolar sebitleri ösdürmäge täze itergi berip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir. Baýramçylyk lybasyna beslenen täze binalaryň çäginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gazanan üstünliklerini wasp edýän aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Işde tapawutlanan ýerli kärhanalaryň gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şu gün Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaý toýlary tutuldy, bu ýerde 200-den gowrak maşgala üçin otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi. Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda kemala gelýän bu ýaşaýyş jaý toplumyna sazlaşykly goşulan täze belent jaýlar Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň alamatlarynyň birine öwrüldi.
Jaýlaryň ikisi 54 öýden, biri 108 öýden ybarat bolup, şolaryň içinde şähergurluşygynyň ýokary talaplaryna kybap gelýän iki, üç we dört otagly öýler täze tehnikalar we beýleki amatlyklar bilen üpjün edildi.
Şu gün Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Ol Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Gerçek ýigit» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edildi. Dört gatly, 40 öýli jaýyň açylyş dabarasyna Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, etraplaryň, şäherleriň we welaýatyň häkimlikleriniň, gurluşyk edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Täze gurlan jaýyň bir, iki we üç otagly amatly öýlerinde ýyladyş ulgamlary, aşhana we beýleki enjamlary oturdyldy. Jaýyň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga büreldi. Bu ýerde sport meýdançasy, awtoduralga hem-de dynç alyş zolagy göz öňünde tutuldy.
Şu gün Balkanabat şäherinde ähli amatlyklary bolan iki sany üç we dört otagly ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabara boldy. Desgalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Balkannebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşykçylary tarapyndan günbatar sebitiň dolandyryş merkeziniň täze etrapçalarynyň birinde bina edildi.
Şu günler Esenguly etrabynyň Bugdaýly şäherçesinde ruhubelentlik hem-de şatlykly ýagdaý höküm sürýär. Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň öň ýanynda bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Körpeje gaz çykaryjy müdirliginiň hünärmenleri täze jaý toýlaryny tutdular. Her birinde iki we üç otagly öýleriň 16-sy bolan iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisini «Nebitgazçykaryş» trestiniň gurluşyk-gurnama dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri gurdular. Ýola goýlan däbe görä, täze jaý eýeleri üçin milli däp-dessurlary, aýdym-sazly konsertleri öz içine alan jaý toýlary tutuldy.
Himiýa senagatynyň kärhanalary önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrýarlar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Guwlyduz» kärhanasynda täze önümhana açylyp, onda her ýyl ýodlaşdyrylan nahar duzunyň 40 müň tonnasy hem-de gerdejik görnüşli tehniki duzuň 2500 tonnasy öndüriler. Duz köli bu kärhananyň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Ol Hazar deňziniň kenarynda Türkmenbaşy şäherinden 40 kilometr demirgazykda ýerleşip, ýurdumyzda nahar duzunyň iri tebigy ýatagy bolup durýar.


Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan GDA döwletleriniň hatarynda hem-de Merkezi Aziýada ilkinji, dünýäde dördünji döwlet bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň raýatlaryň saglygy hakynda alada etmegi netijesinde umumy kabul edilen halkara ölçeglere laýyklykda, ilatyny ýodlaşdyrylan duz bilen üpjün eden ýurt hökmünde ykrar edildi.
Täze desga «EKOSOLT» kompaniýasynyň döwrebap kuwwatly enjamlary bilen üp jün edildi. Duz kölünden alynýan çig mal bu ýerde gaýtadan işlemegiň birnäçe tapgyryndan geçýär, suw bilen ýuwulýar we guradylýar. Taýýar önüm ilata ýerlemek üçin 1 we 2 kilogram agramly plastik bedrejiklere, şeýle hem kagyz haltalara gaplanylýar. Olaryň hil görkezijileri bu ýerdäki barlaghanada anyk kesgitlenilýär.
Şu gün S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýyladyşhana toplumy ulanylmaga tabşyryldy. Desga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna bölünip berlen 12 gektar ýerde bina edilip, onuň 11 gektary gök ekinleri ýetişdirmäge niýetlenendir.
Täze gurlan desga hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak baradaky başyny başlan döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň tassyknamasy boldy.
Täze toplum daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ilaty ýylyň dowamynda ter miwe we gök önümler bilen üpjün etmek baradaky maksatnamany amala aşyrmaga uly goşant goşar. Bu ýöriteleşdirilen, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary tehnologiýaly kärhana bolup durýar.
Şu gün Türkmenabatda täze jaý eýelerine 3 sany täze 4 gatly, her biri 24 hojalyga niýetlenen oňaýly öýleriň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu jaýlar welaýatyň dolandyryş merkeziniň demirgazyk-günorta böleginde bina edilip, döwrebap binalaryň binagärlik toplumyny bezedi.
Şu gün Mary şäheriniň ýaşaýjylary baýramçylyga ajaýyp sowgat aldylar. Welaýatyň dolandyryş merkezinde Aga Hanjaýew köçesiniň ugrundaky binalar toplumynyň üstüni dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsi ýetirdi. Olar Mary şäher jemagat abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň işçileri tarapyndan bina edildi. Paýly gurluşyk esasynda gurlan ýaşaýyş jaýlaryň her birinde 2, 3 we 4 otagly öýleriň 60-sy bolup, olaryň giň eýwanlary we otaglary bar.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 454 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed