Şrift:
Çeperçilik akademiýasynda 2019-njy ýylyň iň güýçli işleriniň sergisi guraldy
18.12.2019 [15:57] - Türk dünyası-Turan
Täze ýylyň öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň galareýasynda bu döredijilik ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we golaýdaky uçurymlarynyň şu ýylky işleriniň sergisi guraldy. Oňa gatnaşan 200-e golaý nakgaş žiwopis, heýkeltaraşlyk, zergärlik sungaty işleriniň 300-e golaýyny, şeýle hem dizaýnerlik taslamalaryny hödürlediler. Ýylyň esasy sergisi... modaly lybaslaryň görkezilişi bilen açyldy. Owadan maneken gyzlardyr ýaşajyk modeller altynjy ýyl talyby Aman Myradowyň milli äheňdäki zenanlar hem-de çagalar eşiklerini görkezdiler. Ýüpek we panbarhat matalardan tikilen, üýtgeşik keşde salnan hem-de milli şäý-sepler bilen bezelen baýram lybaslary özüne maýyl etdi. Ýeri gelende, munuň Amanyň ikinji lybaslar kolleksiýasydygyny bellemek gerek, ýaş dizaýner onda milli lybaslar senagatynyň ösüşini özüçe beýan edýär.
Şu ýylky işler sergisinde žiwopis eserleri ýakymly täsir galdyry. Mysal üçin, Bakygeldi Sytdyhowyň täze işini alyp göreliň. Baky tanymal heýkeltaraş, Türkmenistanyuň halk nakgaşy Babasary Annamyradowyň portretini öz halaýan usulynda – fotorealizm tilsiminde çekipdir, özem şeýle bir çeper çekipdir welin, heýkeltaraşyň ýüz keşbidir garaýşy onuň duýgylaryny aýan beýan edýär. Yhlas Allanazarow Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň portretini üýtgeşik tilsimde – 3D tilsimde şekilendiripdir. Bu özboluşly täzeçil iş uly gyzyklanma döretdi. Ýene bir portret göreni özüne maýyl etdi. Onuň awtory 3-nji ýyl talyby Maksatmyrat Kanyýew. Maksatmyradyň «Ejemiň portreti» işinde ýönekeý eşikli, başy ýaglykly, güne gaýzygan ýüzüni uşajyk ýygyrtlar bezän mähirli zenan keşbi... hemem mähriban, mylaýym ene bakyşy şeýle çeper şekillendirilipdir welin, oňa seredeniňde birdenkä – ene söýgüsiniň üýtgeşik güýjüne düşünip galýarsyň. Ýeňil çotga yzlary we güneş nur ýalpyldyly ýordumyň her bir ownujak detallary-da şahyranalygadyr enä tagzyma ýugrulypdyr. Ikinji ýyl talyby Şeker Nökergeldiýewa şu ýyl öňem «Geljegimiz – bilime bagly» atly ak-gara suratyny sergide goýupdy. Şonda eser gahrymanlarynyň özboluşly dürli häsiýetleri bilen ünsi özüne çekipdi. Indi awtor ony dürli reňklerde berip, emosional aksenti güýçlendiripdir. Sergä gelenlerde suratlaryň haýsysynyň awtoryň konsepsiýasyny doly açyp görkezýändigini deňeşdirmäge mümkinçik döredi. Olaryň pikileri tapawutlanýardy. Stanok işleriniň arasynda 4-nji ýyl talyby Sähra Rejebowanyň «Akpamyk» atly işi gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Awdan gaýdyp gelen doganlary uýasy Akpamyga bars çagasyny sowgat berýärler. Surat şeýle bir ynandyryjylykly çekilipdir welin, hamala, ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolýarsyň. Täsirli stanok tilsimli işleriň ýene biri-de - 6-njy ýyl talyby Zakirjan Batyrowyň «Halkara deňiz porty» atly suratydyr. Önümçilik temasyndan çekilen suraty metaforaly beýan etmek käre ussatlykdan nyşan. Port, gämi, oňa ýük ýüklenilişi Hazaryň türkmen kenarynyň kaşaň panoramasynyň fonunda manyly akşentli görünýär. Bezegçi-nakgaşlar hem sergä özboluşly işlerini hödürläpdirler. 4-nji ýyl talyby Hatyja Söýünowanyň «Ülkämiziň naz-nygmaty» atly natýurmorty bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Hatyjanyň mugallymy monumentalçy Amanmyrat Modyýew modern tilsiminde işleýär, bu hem, elbetde, onuň ýütgeşik pikirlenýän okuwçysynyn žiwopis stilistikasyna täsir eden borly. Bu ýere gelenler sergi bilen tanşyp ýörkäler, professional emin agzalary iň gowy eserleriň awtorlaryny kesgitlediler. Çäräniň Täze ýylyň öň ýanynda guralandygy sebäpli ýeňiş gazanan işlere: iň gowy we ajaýyp diýip baha berildi. Dogrusy, sergä gatnaşalaryň ählisine sowgatlardyr ýakymly peşgeşler garaşýardy.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 361 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed