Şrift:
Daňatar Çaryýew: žiwopis ussatlygynyň dürli ugurlary
24.12.2019 [11:58] - Türk dünyası-Turan
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Daňatar Çaryýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli nakgaşyň eserleiniň özbaşdak sergisi guraldy.
Žiwopisçi: -Bu sergi meniň döredijilik gözleglerimiň neijesi. Eserlerimi kärdeşlerime we sungat muşdaklaryna hödürlänimde olar nähili baha bererkäler diýip biraz tolgunýaryn – diýip, ol giriş sözünde aýtdy. Suratlar awtor barada köp zat aýdyp biler. Mysal üçin, Gökje obasynda doglup, öz iliniň gözelligine aşyk bu nakgaş özüni manzar ussady hökmünde tanatdy. Dag we dag etek jülgeleridir köller hem şaglawuklar, alys ýerlerdäki obalar we daglardaky ýalňyz külbeler – oňa çagalygyndan tanyş bu zatlar durmuşy ýordumlary beýan edýän ýeňil çotga yzy bilen suratlara öwrüldi.
Akgynly süýnmek sudurlar Daňatar Çaryýewiň žiwopisçilik tilsiimniň aýratynlygydyr. Manzarlar panorama şekilinde – dogduk diýaryň gözel ýerlerine aşyk syýahatçynyň gözi bilen şekillendirilipdir, olara mysal edip: «Garrygala», «Daşgala», «Gyş», «Daýna obasy», «Dag jülgesi» we beýleki işlerini görkezse bolar. Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesini tamamlandan soň Daňatar Çaryýew Daşkendiň teatral-çeperçilik institutynda okuwyny dowam edýär. Oýun goýujy nakgaş hökmünde ol spektakllaryň onlarçasynyň sahna bezegini ýerine ýetirdi. Sergide onuň «Ýene-de söýgi hakda», «Şapak», «Şanduryň başdan geçirenleri», «Gelinleriň gozgalaňy», «Mariýa» we beýleki spektakllara eskizleri goýlupdyr.
Daňatar Çaryýew baryp institutda okaýan döwri Estoniýanyň paýtagtynda we Russiýanyň gadymy Pereslawl-Zalessk şäherinde bolupdy. Olaryň üýtgeşik binalary talyba güýçli täsir edipdi. Netijede özboluşly şäher manzarlary tapgyry peýda boldy. Tomaşaçylar «Muzeý. Pereslaw-Zalessk», «Tallin. Petik köçe» we beýleki suratlaryň öňünde kän eglenýärdiler. Adaty awtoportretden başga-da, nakgaş sergä galamda çekilen portret eskizler tapgyryny hödürläpdir. Dogrusy, portret onuň çekýän esasy žanry bolmasa-da, ýaş zenanyň – gyzy Aýjemalyň portretine haýran galmazlyk mümkin däl.
«Uruş ýyllary» suraty häs täsirli eserleriň biridir. ...Hat gatnadýan frontdan gelen hatlaryň ählisini paýlap, obadaşlarynyň köpüsini bagtyýar etdi. Bar kişi dargaşyp, meýdançada ýakymsyz habaryny arkasynda gizläp duran özi hemem erbet habary syzyp, doňňara daşa dönen üç zenan dur. Elhenç hakykaty eşitmäge kim ilkinji ädim äderkä? Surata syn eden her kişi özüne şeýle sowal berýär. Daňatar Çaryýewiň döredijiligi barada pikir ýöredeniňde onuň awtorlyk ýörelgesine anyk kesgitleme berip bolmaýandygyna düşünýärsiň. Ol bir görseň ronamit we realist, bir-de hem şahyr, hem kyssaçy... Hat-da onuň suratlaryndaky dilsiz-agyzsyz daglaram žiwopis allegoriýalarynyň dilinde gürlese, şarlawuklaryň ýüwrük suwlaryndan şahyrana setirler eşidilýär.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 405 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed