Şrift:
Kompozitor Daňatar Hydyrow: ylham simfoniýasy
27.12.2019 [10:39] - Türk dünyası-Turan
Türkmen kompozitorlyk mekdebiniň döredijiligi özboluşly şahyrana owazlara ýugrulan güýçli wekilleriniň biri Daňatar Hydyrow doglan gününi belleýär.
Daňatar Baýramowiç 1953-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Gökdepede gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Atasy Hydyr aga oglanjygyň saza ukyplydygyny aňypdyr, ol agtygynyň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin ähli şert döretmäge çalşypdyr. 1960-njy ýylda Daňatar mekdebe barýar. Şol ýyllarda hem Amangeldi Goçow bilen Saparmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygynda aýdym-sazdan sapak alýar, mandolina çalmagy öwrenýär. 1967-nji ýylda Daňatar Gökdepede ýaňy açylan sazçylyk mekdebine okuwa girip, akkordeon çalmagy öwrenýär. Ol Baýram Bekmyradowdan, Kima Ýusupowadan, Myratdurdy Saparowdan, Kakadurdy Ilmyradowdan sapak alýar. Şol bir wagtyň özünde Daňatar wokal sungatynyň we dürli saz gurallaryny çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär, şeýle hem «Gökdepe mukamlary» ansamblynda çykyş edýär. Zehinli ýetginjek bäş ýyllyk okuw maksatnamasyny iki ýylda özleşdirip, synaglary üstünlikli tabşyryp, Gökdepäniň sazçylyk mekdebiniň ilkinji uçurymy bolýar. Ýaňy saz döretmäge girişen kompozitor ýaş şahyr Orazdurdy Atahanowyň goşgusyna «Gökdepäm» atly öz ilkinji aýdymyny ýazýar. Daňataryň hünär taýdan kemala gelmeginde Nury Halmämmedowyň, şeýle hem Sahy Jepbarowyň, Çary Täçmämmedowyň, Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Rejep Rejebowyň döredijiliginiň täsiri güýçli bolupdyr. Ol D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörüte mekdebinde okan ilkinji aýlarynda aýdymlaryň we fortepiano üçin pýesalaryň birnäçesini döredýär. Daňatar belli halypa Walentin Mitkalýowyň ýolbaşçylygynda saz eserleriniň gurluşyny we fortepiano sungatyny öwrenýär, soňra ol halypasyna bagyşlap üç bölümden ybarat fortepiano sonatinasyny ýazýar. Daňatar sazçylyk ýörüte mekdebiniň birinji ýylyny tamamlanda Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk ýörüte mekdebinde okamaga dalaşgärleri saýlap alýarlar. Ýaş kompozitor bäsleşikden geçip, taryhy-amalyýet bölümine okuwa girýär, şeýle hem Konstantin Konstantinowiç Bataşowyň ýolbaşçylygynda saz düzmek ýörüte okuwyny okaýar.
Moskwada okan ýyllary Daňatar Hydyrow Fortepiano üçin sonatina (1972 ý), Üflenip çalynýan saz gurallarynyň kwinteti üçin pýesa (1973 ý), Skripka we fortepiano üçin poema (1974 ý) döretdi. Ýaş kompozitor Rimskiý-Korsakow adyndaky Leningrad döwlet konserwatoriýasynda RSFSR-iň halk artisti, professor Sergeý Mihaýlowiç Slonimskiniň ýolbaşçylygynda kompozisiýa hünärinden okuwyny dowam edýär. Şeýle hem, RSFSR-iň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Gennadiý Iwanowiç Banşşikow hem onuň halypasydy. Konserwatoriýada okan döwri kompozitor nusgawy ýewropa sazlary bilen özboluşly türkmen halk sazlarynyň owazlarynyň utgaşygy has ýiti duýulýan eserleri döretdi. Olaryň arasynda: Goboý we klarnet üçin üç miniatýura (1974 ý), D. Azadynyň sözlerine Soprano, fagot we fortepiano üçin rowaýatlar (1974 ý), Fortepiano üçin pýesalar (1974 ý), Fleýta we fortepiano üçin sýuita (1975 ý), Kirişli kwartet üçin wariasiýalar (1975 ý), M. Seýidowyň sözlerine wokal miniatýuralary (1975 ý), Organ üçin «Köne metjidiň harabalary» pýesasy (1975 ý), Orkestr üçin iki pýesa (1974 ý), Kirişli kwartet (1976 ý) ýaly eserler bar.
Gennadiý Banşşikow D. Hydyrowyň eserlerine baha berip: «D. Hydyrowyň döredijiligi iki zada daýanýar: bir tarapdan, onuň sazlary gözbaşyny türkmen äheňlerinen alyp gaýdýar – ol, dogrusy, halk temalaryny ulanman, onuň ruhundan ugur alýar, bu onuň eserlerinde duýulýar. Başga bir tarapdan, ýewropa saz medeniýetiniň asyrlarboýy toplan ummasyz baýlygy bilen hem gyzyklanýandygy onuň sazlaryndan görnüp dur. Şeýle medeni utgaşyklaryň netijeliligi bir eýýäm subut edildi» - diýip ýazypdy.
D. Hydyrow konserwatoriýany tamamlandan soň Watan dolanýar we Türkmenistan Kompozitorlar birleşiginiň agzasy bolýar. Ol Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň teatrlar we aýdym-saz edaralary müdirliginiň repertuar-redaksion kollegiýasynyň redaktory wezipesinde, soňra D. Öwezow adyndaky TDSM-de işleýär. 1980-nji ýylyň noýabrynda D. Hydyrowyň Simfoniýasynyň premýerasy boldy, oňa ýurdumyzyň sazçylyk jemgyýeti ýokary baha berdi. 1986-1988-nji ýyllarda kompozitor Moskwanyň P. I. Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda K. Bataşowyň ýolbaşçylygynda hünärini ýokarlandyrýar. Onuň alt we simfoniki orkestr üçin ýazan konsertini RSFSR-iň halk artisti Sergeý Skripkanyň ýolbaşçylgynda Bütinsoýuz radionyň we telewideniýäni orkestri ýerine ýetiripidi, altçy Mihail Kugel özbaşdak çykyş edipdi. 1990-1991-nji ýyllarda Daňatar Baýramowiç Türkmen döwlet filarmoniýasyna ýolbaşçylyk etdi. Daňatar Hydyrow simfoniki eserlerden başga-da, milli wokal sungatynyň ussatlarynyň repertuaryna giren aýdymlaryň ençemesini ýazdy. Mämmet Seýidow, Gurbannazar Eziziow, Annaberdi Agabaýew D. Hydyrowyň halaýan şahyrlarydyr. Daňatar Baýramowiç şeýle hem spektakllara we kinofilmlere-de saz ýazýar. 2008-nji ýylda D. Hydyrowa Türkmenistanyň halk artisti diýen at dakyldy. Daňatar Baýramowiç eser döretmekden başga-da, tanymal türkmen kompozitorlarynyň operalryny dikeltmäge we sahnada goýmaga hem ýardam berýär. Häzirki wagtda Daňatar Hydyrow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Kompozisiýa» kafedrasynyň uly mugallymy bolup işleýär, ol ýaş sazandalara bilim-tejribesini öwredýär, olaryň döredijiliginiň açylmagyna we hünär taýdan kemala gelmegine ýardam edýär. Belent şahyrana söze sarpa goýýan kompozitor täze eserlerini dörendende şondan ylham alýar...

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 166 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed