Şrift:
Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna: žiwopis sungatynda yz goýan nakgaş
15.01.2020 [06:54] - Türk dünyası-Turan
Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli milli žiwopis mekdebiniň ägirdiniň hatyrasyna onuň iň gowy işleriniň sergisi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň maşgala agzalary, şägirtleri, dost-ýarlary, kärdeşleri, şeýle hem Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplary geldiler.Aýhan Hajyýew žiwopis taryhyna Magtymgulynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde girdi, ol bu eserini Moskwanyň W. I. Surikow adyndaky çeperçilik institutynda okaýan döwri dördipdi. Ýaş žiwopisçi şahyryň keşbini çekende oňa bar küýüni-ünsüni, gujur-gaýratyny berip işläpdir welin, nakgaşyň ogly Toýlynyň aýtmagyna görä, bir gezek başyndaky alada-pikirden we işlemekden aryp, sport zaly ussahana edinip ýatyp galan talybyň düýşüne giren şahyr: «Bessir, şunça jebir çekeniň, ine, men, gör, synla»- diýipdir. Aýhan Hajyýewiň döreden portreti köpçülik tarapyndan ykrar edildi, onda täze goşgusyny döredip oturan ýüzi nurly dana şahyr şekillendirilipdir. Şahyryň garyndaşlary ýörite Aşgabada gelip, nakgaşa minnetdarlyk bildiripdirler, oňa gowy baha beripdirler. Bu eseriň baş muzeýde hemişe görkezilýändiginem aýtmak gerek. Dabara güni Aýhan Hajyýewiň zehinine sarpa hökmünde «Magtymguly» suratynyň öňünde halypanyň döredijiliginiň muşdaklary gül desselerini goýdular. Muzeýde hemişelik galdyrylan suratlaryň biri-de «Wysal bolan arzuw» eseridir, Garagum kanalyny gurujylara bagyşlanan bu eserde emeli derýä misli gök lenta kimin altynsow gum depelerini böwsüp gelýär. Suratyň gahrymany aksakal goja çöle derman bolup gelen suwy goşawujyna alyp, altyn dänesine deňelýän suwuň barmaklarynyň arasyndan akyşyna begençli bakýar. Surat güneşli ülkämizde bolup geçen özgertmeleri beýan edýär. Aýhan Hajyýew öz döwrüniň güýçli žiwopisçileriniň biridi. Onuň döredijilik mirasy ýurdumyzyň we halkymyzyň ykbalyndan aýry däldigi bilen gymmatlydyr. Ussadyň eserlerine çuň manylyk mahsusdyr. Bu onuň 1974-nji ýylda çeken «Ilkinji mugallym» işinde has aýdyň görünýär. Ýaş mugallym tomsuň jöwzasyna parh etmän, ot ýaly gyzgyn gum depelerinden kitaplardyr beýleki okuw esbaplary ýüklenen düýäniň owsaryndan çekip, ynamly ädim urup barýar. Düýe-de mugallym ýaly alysdaky obalara bilim bermäge barylýandygyny duýýan ýaly armany-ýadamany bilmän başyny dik tutup barýar. Kärine berlen mugallymyň keşbi nakgaşyň özüni ýada salýar, çünki onuň ykbal paýyna hemişe döredijilik gözleginde bolmak we wysalyna ýetmek düşüpdi.
«Eje jan, näme üçin aglaýaň?» suratynyň gahrymanynyň halyna ýüregiň awaýar. Ýag çyranyň ölügsi yşygyna zenan maşgala söweşde wepat bolan ýarynyň harby lybasyny bagryna basýar. Ol gijlelerine, çagalary uka gidenden soň, indi hiç haçan öýüne gelip, çagalaryny gujagyna almajak adamsyny ýat edip, didesinden ýaş dökýär. Ýöne bu gezek oýanan gyzjagazy ejesiniň çekýän jebirini görýär. «Eje jan, näme üçin aglaýaň?» suratynyň kiçijik gahrymanynyň keşbinde ownujak detallaryň üsti bilen çeper çekilen eserden gyzjagazyň sesi gelýän ýaly bolup dur... Onuň «Ylym pagtaçylara kömege gelýär» atly tanymal suraty sergilerde ýygy-ýygydan goýulýar. Bu eseriň her gahrymany – isle seçgiçi alym, kolhoz başlygy, laborant ýa-da pagtaçy bolsun – tapawudy ýok, olaryň hersiniň özboluşlylygy dessine göze ilýar. Bu surata bir gezek göz aýlanyňdan geçen asyryň 50-nji ýyllaryna düşen ýaly bolýarsyň. Harmanda» atly suraty hem ýokarda agzalan esere kybapdaş, ol žiwopis diliniň şahyranalygy bilen haýran edýär. Mana baý pagta ýygymy hakdaky suratyň ýönekeýje ýordumy zähmet we ýaşlyk gözelliginiň waspyny ýetirýär... Aýhan Hajyýewiň ýene bir belli eseri - «Bahar» diýlip atlandyrylýar, onda ýaşajyk gözel gyz şekillendirilipdir, şonuň üçinem durşuna gülgüne-melewşe güllere bürenen baga bakyp oturan jenan ýaz paslyny aňladýarmy ýa-da ýaz pasly owadan gyzymy – oňa düşünmek aňsat däl. Aýhan Hajyýewiň döredijiligi milli žiwopisde yz goýdy, şahyrana –filosofiki dünýägaraýşy özboluşly surat çekiş tilsimi bilen baýlaşdyryp, sungatda realizm düşünjesiniň çägini giňeltdi. Ol öz gahrymalary bilen birlikde çyn ýürekden begenmegi, gözellige melul bolmagy, zähmet çekmegi, söýmegi we aladalanmagy başarýardy...

DAVAM.AZ
Bu xəbər oxucular tərəfindən 150 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed