Şrift:
Paýtagtymyzyň teatrlarynda sahna sungatynyň muşdaklaryna garaşýarlar
06.12.2019 [10:43] - Türk dünyası-Turan
Türkmenistanyň Baş drama teatrynda Türkmenistanyň prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby esasynda döredilen «Dutaryň owazy» atly täze spektakl görkeziler. 1-nji dekabrda tomaşaçylara «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» atly oýun teklip ediler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar. Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry 30-njy noýabrda «Sawçy we sallahlar», 1-nji dekabrda bolsa, «Etme oglan sen oýun» spektakllaryna çagyrýar. Spektakllar sagat 19-da başlanýar. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda 30-njy noýabrda «Amanat giýew», 1-nji dekabrda bolsa, «Toý» oýunlary görkeziler. Spektakllar sagat 19-da başlanýar.
Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylary 30-njy noýabrda «Şadyýan sazandalar» (12:00) we «Söýgi bizi halas eder» (19:00), 1-nji dekabrda bolsa, döwlet Baştutanynyň «Türkmenistan –Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddesilge tagzym» we «Türkmen alabaýy» eserleri esasynda döredilen «Baky rowaýatlar» oýnuna çagyrýar. Spektakl sagat 12-de başlanýar. Sagat 19-da bolsa «Arşyn mal alan» oýny görkeziler. Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 30-njy noýabrda«Ýediň enesi», 1-nji dekabrda bolsa, «Çynymy aýtsam» spektakllary görkeziler. Oýunlar sagat 19-da başlanýar.

DAVAM.AZ
“Aşqabad Bürosu” (Türkmənistan)
Bu xəbər oxucular tərəfindən 474 dəfə izlənilmişdir!
Google Yahoo Facebook Twitter
Del.icio.us Digg StumbleUpon FriendFeed